“Ýuwentus” bilen “Napoli” 20-nji ýanwarda Italiýanyň Super kubogy üçin duşuşarlar

  • 13.01.2021 23:41
  • 5.1k+

“Ýuwentus” bilen “Napoliniň” arasynda Italiýanyň Super kubogy ugrunda duşuşyk 20-nji ýanwarda geçiriler. Oýun Rejo-Emiliýa şäherinde “Sassuolonyň” öý meýdançasy bolan “Mapei” stadionynda geçer. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Turinliler baýrak üçin geçen möwsümiň A seriýasynyň çempiony hökmünde bäsleşerler, “Napoli” bolsa Italiýanyň kubogynyň eýesidir.
Mundan öň “Napoliniň” prezidenti Aurelio De Laurentis oýunlaryň ýygy tertibi we stadionlarda tomaşaçylaryň ýoklugy sebäpli, Super kubok üçin oýny başga bir senä geçirmegi sorady. Ýöne A seriýanyň prezidenti Luiji de Sýerwo oýnuň senesiniň üýtgewsiz galjakdygyny aýtdy.
Öňki ýyllar Italiýanyň Super kubogy üçin oýunlar, köplenç, daşary ýurtlarda geçirilýärdi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli bu gezek ony ýurduň içinde we tomaşaçysyz geçirmek kararyna gelindi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......