IFFHS: Messi — onýyllygyň iň gowy pleýmeýkeri

  • 12.01.2021 22:57
  • 6.7k+

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan onýyllygyň iň gowy pleýmeýkeri diýlip saýlandy. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.

Ses berlişik guramanyň 2011-2020-nji ýyllar aralygyndaky ýyllyk bahalarynyň netijelerine esaslanyp geçirildi. Messi 2015, 2016, 2017 we 2019-njy ýyllarda iň gowy pleýmeýker diýlip saýlandy, şeýle hem 2011, 2014, 2018 we 2020-nji ýyllarda bu görkeziji boýunça ikinji boldy. Argentinaly hüjümçi jemi 174 utuk toplady. Ikinji orny onuň öňki topardaşy Andres Iniesta (2012 we 2013-nji ýyllarda ýeňiji; 127 utuk), üçünji orny Ispaniýanyň "Real" toparynyň ýarymgoragçysy Luka Modriç (2018; 113) eýeledi.
Dördünji orna iňlisleriň “Mançester Siti” (2020; 103) toparynyň belgiýaly oýunçysy Kewin de Bruýn mynasyp boldy, ilkinji bäşligi “Realyň” ýarymgoragçysy Toni Kroos (2014; 90) ýapdy. Şeýle hem ilkinji onluga Eden Hazard (77), Neýmar (71), Mesut Özil (69), Andrea Pirlo (63) we Ýaýa Ture (60) girýär.

düýn 23:07
1.8k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......