Ronaldu karýerasynda geçiren gol sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady

  • 12.01.2021 08:39
  • 13k+

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasynda geçiren gollarynyň sany boýunça dünýä rekordyny gaýtalady. A Seriýasynyň “Sassuolo” bilen geçirilen oýnunda ol 759-njy pökgüsini tora girizdi diýip, Regnum agentligi habar berýär.

Ronaldu çeh hüjümçisi Ýozef Bisanyň rekordyny gaýtalady. Bisan 1931-nji ýyldan 1955-nji ýyl aralygynda 759 gol geçirdi. Ronaldu bu görkezijä ýetmek üçin 1037 duşuşyk gerek boldy, Bisan bolsa 495 oýunda bu görkezijä ýetdi.
Ondan öň Ronaldu 812 resmi oýunda 757 gol salan braziliýaly hüjümçi Peleden öňe geçdi.

Şeýle-de, Ronaldu 2006/07-möwsümden başlap, yzygider 15 möwsümiň dowamynda öňdebaryjy 5 ligada 15 ýa-da has köp pökgi geçiren taryhda ilkinji oýunçy boldy.
Belläp geçsek, “Ýuwentus” “Sassuolony” 3-1 hasabynda ýeňdi.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......