2021-nji ýylda GDA döwletleriniň I Oýunlarynyň geçjek senesi mälim boldy

  • 11.01.2021 20:08
  • 7.4k+

2021-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Kazan şäherinde GDA döwletleriniň Oýunlaryny geçirmeklik meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň sport ministriniň birinji orunbasary Azat Kadyrow habar berdi, diýip kazanfirst.ru saýty belleýär.

— Hökümet Oýunlaryň geçirilmegini goldaýardy, emma beýleki döwletlerden ministr-kärdeşlerimiz hem-de GDA döwletleriniň Ýerine ýetiriji geňeşi bilen maslahatlaşmadan soň, ýaryşlary yza süýşürmek kararyna gelindi. Bu, elbetde, Oýunlaryň ýöne bir adaty çäre bolman, hakyky sport baýramçylygyna öwrülmegi üçin edildi — diýip ol belledi.

Ministriň bellemegine görä, Oýunlaryň geçiriljek ahyrky senesi GDA döwletleriniň ministrleri bilen nobatdaky gepleşikler geçirilenden soň kesgitleniler. Şeýle hem ol 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Tatarystanyň paýtagtynda Ýörite Olimpiadanyň hem geçirilmelidigini ýatlatdy.
Ýatlap geçsek, GDA-nyň I oýunlaryna 11 döwletden 14 ― 23 ýaş aralygynda 2,5 müň türgeniň gatnaşmagy meýilleşdirilýärdi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......