Aleksandr Powetkin 2020-nji ýylyň iň gowy nokautynyň awtory boldy

  • 10.01.2021 06:06
  • 9.9k+

Meşhur Boxing Scene portaly rus boksçusy Aleksandr Powetkiniň ýerine ýetiren nokautyny 2020-nji ýylyň iň gowy nokauty diýip ykrar etdi. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Portalyň hünärmenleriniň pikiriçe, Dillan Uaýt bilen Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) wagtlaýyn dünýä çempiony adyny almak ugrundaky gapma-garşylygyň bäşinji raundyndaky takyk urgy geçen ýylyň iň täsirli urgusy boldy.

“Powetkiniň garaşylmadyk we güýçli nokauty Uaýtyň on bir ýeňişden ybarat tapgyrynyň arasyny üzdi we ony WBC-niň çempiony Taýson Fýuri bilen söweşe hökmany dalaşgäriň ornundan aýyrdy” – diýlip, makalada bellenilýär.

Ýatlap geçsek, çekeleşikli söweş 22-nji awgustda bolup geçdi. Powetkin WBC-niň agyr agramda wagtlaýyn çempiony adyna eýe boldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Uaýt bilen Powetkiniň arasynda ýene bir söweş geçirilmelidi, ýöne guramaçylar rewanşy altynjy marta süýşürmeli boldular, sebäbi rus türgeni koronawirus ýokanjynyň täsirlerinden gutulmagyny dowam etdirýär.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......