Poçettino “Pari Sen-Žermeniň” baş tälimçisi boldy

  • 03.01.2021 13:30
  • 5.6k+

“PSŽ-niň” metbugat gullugy argentinaly hünärmen Maurisio Poçettinonyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ol öň işden çykarylan Tomas Tuheliň ornuny çalşyrdy. Bu barada bookmaker-ratings.ru belläp geçýär.

48 ýaşly argentinaly tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenilip, ýene bir möhlet uzaltmak mümkinçiligini öz içine alýar.

“Men “PSŽ-niň” tälimçisi bolandygyma diýseň begenýärin we buýsanýaryn. Men ýolbaşçylara maňa bildiren ynamlary üçin sagbolsun aýdýaryn. Bilşiňiz ýaly, bu klub ýüregimde hemişe aýratyn orun eýelärdi” – diýip, Poçettino belleýär.

Poçettinonyň öňki iş ýeri “Tottenhem Hotspurdy”. Argentinaly hünärmen london klubundan 2019-njy ýylyň noýabrynda gitdi.
Mundan ozal, Poçettinonyň “Zenitiň” baş tälimçisi wezipesine dalaşgärleriň biridigi habar berildi. Ol “Tottenhemden” öň “Sautgemptonda” we “Espanýolda” işledi.
“PSŽ” 17 tapgyrdan soň, Liga 1-de 35 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Indiki oýunda olar 6-njy ýanwarda “Sent-Etýen” bilen duşuşarlar.

şu gün 07:19
658

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....

düýn 16:19
4.1k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

düýn 16:15
6.3k+

UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik......

düýn 15:40
4k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....