«Aşgabat jemleýji resminamasy» BMG agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy

  • 02.01.2021 14:12
  • 4.7k+

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habara laýyklykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasaty we onuň orny” atly Halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Halkara diplomatiýasynda ol “Aşgabat jemleýji resminamasy” diýlip atlandyryldy. Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
16 bölümden ybarat bolan resminama dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän ornunyň ykrar edilmegini özünde jemleýär. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini işjeň bitaraplyk syýasatyny alyp barmaga ýardam bermäge, dawalary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmakda we gapma-garşylyklaryň öňüni almakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga çagyrýar hem-de maslahat berýär.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......