Beýik Britaniýanyň şa zenany Lýuis Hemiltony rysarlyk derejesi bilen sylaglady

  • 01.01.2021 23:25
  • 10k+

“Sportsnet”-iň habaryna görä, “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemiltona resmi taýdan rysarlyk derejesi berildi. Sürüji Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II tarapyndan gol çekilen Täze ýyl mynasybetli sylaglanjaklaryň sanawyna girizildi.

Däp bolşy ýaly, baýrak alanlaryň atlary ýylda iki gezek - dekabr aýynyň ahyrynda we Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň resmi doglan gününi bellän mahaly çap edilýär. Umuman aýdanyňda, Täze ýyl sanawynda jemgyýete hyzmat edenligi üçin baýrak alýan meşhur adamlar we adaty iňlisler müňden gowrak adamy öz içine alýar.
Hemilton Jek Brebhemden, Stirling Mossdan we Jeki Stýuartdan soň rysarlyk berlen dördünji "Formula-1" sürüjisi boldy. Eger ol “Mersedes” bilen şertnamasyny täzelese, "F1"-de çykyş edýärkä rysarlyk alan ilkinji adam bolar.
Lýuis 2020-nji ýyldaky çempionatda möhletinden öň ýeňiji boldy. Umuman, ol möwsümiň 17 Gran Prisinden soň 347 utuk toplady.
Hemilton 2020-nji ýylda “Korollyk ýaryşlarynda” 7-nji gezek ýeňiji boldy. Bu görkeziji boýunça oň Maýkl Şumaher bilen deňleşdi we "Formula 1"-de ýeňişleriň sanynda meşhur nemesden öňe geçdi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......