"Bawariýanyň" tälimçisi Flik "Kicker" neşiri tarapyndan ýylyň şahsyýeti diýlip saýlandy

  • 29.12.2020 16:06
  • 6.3k+

"Bawariýanyň" baş tälimçisi Hans-Diter Flik nemes neşiri bolan “Kicker” tarapyndan 2020-nji ýylyň şahsyýeti diýlip ykrar edildi. Bu barada championat.com habar berýär.

“Hatda FIFA boýunça ýylyň tälimçisi baýragynyň eýesi Ýurgen Klopp hem Flikiň bu baýragy almanyna geň galdy. Şeýle-de bolsa, “Bawariýanyň” tälimçisi bu senenama ýylynda ýene bir baýrak alar: Flik - neşir boýunça 2020-nji ýylyň şahsyýeti”-diýlip, "Kicker"-iň web sahypasynda aýdylýar.

Bu baýrak 1990-njy ýyldan bäri berlip gelinýär we indi resmi taýdan "Ýylyň adamyndan" "Ýylyň şahsyýetine" öwrüldi. Flik "Bawariýadan" bu baýragy alan sekizinji adam. Geçen möwsümde "Bawariýa" Germaniýanyň çempiony boldy we Çempionlar ligasynda hem-de milli kubokda ýeňiş gazandy. Flik mýunhenli topara 2019-njy ýyldan bäri tälimçilik edip gelýär.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......