Messi özüni haýran galdyrýan türgenleriň atlaryny agzady

  • 29.12.2020 02:16
  • 20k+

"Barselonanyň" hüjümçisi we kapitany Lionel Messi özüni haýran galdyrýan türgenleriň atlaryny agzap geçdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Sanawda görkezilen türgenleriň arasynda Turiniň “Ýuwentusynyň” ýyldyz hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hem bar. “Soňky döwürde meni haýran galdyrýan türgenler barmy? Rafael Nadal, Rojer Federer, Lebron Jeýms ýaly, bitirýän işlerine hormat goýmaga mynasyp adamlar köp. Her sportda şeýle adam bar. Futbolda bu - Kriştianu Ronaldu, olar köplük"-diýip, "La Sexta" Messiniň sözlerini getirýär.
Öň Ronaldunyň ýaňy-ýakynda “Globe Soccer” neşiriniň saýlamagynda XXI asyryň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanandygyny habar beripdik. Baýragyň web sahypasyndaky ses berlişikde portugaliýaly hüjümçi 38% ses aldy. Ikinji orunda 24% ses toplamagy başaran Messi bar. Şeýle-de, ilkinji üçlüge "Liwerpulyň" hüjümçisi Mohamed Salah (23%) hem girýär. "Barselonanyň" öňki hüjümçisi Ronaldinýo 14% ses bilen dördünji orny eýeledi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......