Konor Makgregor Habib Nurmagomedowy ýene rewanşa çagyrýar

  • 28.12.2020 13:15
  • 30k+

Iki agram derejesinde UFC-niň ozalky çempiony, irlandiýaly söweşiji Konor Makgregor promouşeniň ýolbaşçylygyny, şeýle-de söweş menejeri Ali Abdel-Azizi ýeňil agramda liganyň çempiony Habib Nurmagomedow bilen rewanş-duşuşygyny gurap bermäge çagyrdy. Makgregor degişli ýazgyny Twitter sahypasynda ýerleşdirdi, ýöne tiz wagtdan bu ýazgyny aýyrdy. Bu barada csn-tv.ru habar berýär.

Makgregor özüniň soňky aýrylan postunda “Karar bermegiň wagty geldi” diýip ýazdy.
Öz gezeginde Nurmagomedowyň menejeri Abdel-Aziz Konora jogap berdi. Ol Makgregoryň indi hiç haçan çempion bolmajakdygyny, sebäbi oňa ýeňil, ýarym orta diwizionda aşa çynlakaý bäsdeşligiň garaşýandygyny aýtdy.
Belläp geçsek, Konor Makgregor özüniň indiki söweşini 2021-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda UFC 257 turnirinde geçirer, ol Dastin Porýe bilen duşuşar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......