Angliýanyň Premýer ligasynyň taryhynda iň gowy transfer mälim edildi

  • 27.12.2020 17:29
  • 14k+

Sky Sports-yň habaryna görä, hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň Lissabonyň "Sporting" toparyndan “Mançester Ýunaýtede” transferi Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň gowy geleşik hasap edildi.

Şol wagt 18 ýaşly Kriştianu Ronaldunyň Lissabonyň "Sporting" toparyndan “Mançester Ýunaýtede” geçmegi "Sky Sports" teleýaýlymynyň hünärmenleri tarapyndan Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň gowy transfer diýlip ykrar edildi. Bu transfer 2003-nji ýylyň awgust aýynda bolup geçdi, “Mançester” ýaş hüjümçi üçin 19 million ýewro töledi. “Gyzyl şeýtanlaryň” düzüminde Kriştianu 6 möwsüm çykyş etdi, 292 oýun oýnap, 118 pökgi geçirdi we 68 asist pasyny berdi. Onuň gelmegi topara üç gezek Angliýanyň çempiony bolmaga we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi. 2009-njy ýylyň iýul aýynda Ronaldu 94 million ýewro baha bilen Madridiň "Realyna" transfer boldy.

düýn 22:47
1.2k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.3k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.6k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......