Hamzat Çimaýewiň indiki söweşiniň senesi belli boldy

  • 25.12.2020 14:04
  • 12k+

Garyşyk stiliň (MMA) «Täze Habib» diýlip atlandyrylýan şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew indiki söweşiniň senesini bildi diýip, UFC-niň Twitter akkauntynda habar berilýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Çeçen gelip çykyşly 26 ýaşly söweşiji 20-nji ýanwarda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) turnirini esaslandyrar. Çimaýew britaniýaly Leon Edwardsa garşy söweşer. Halkara turnir Abu-Dabiniň Ýas adasynda geçiriler.
Edwards bilen Çimaýewiň arasyndaky söweş 2020-nji ýylda geçmelidi. Ýöne britaniýaly türgende koronawirus ýüze çykarylandan soň söweşi yza süýşürmek kararyna gelindi.
Çimaýewe UFC-niň rekordy degişli: ol 66 günüň içinde üç ýeňiş gazanmagy başardy. Üç söweşiň ählisini hem Çimaýew möhletinden öň tamamlady. Onuň hasabynda MMA-nyň dokuz söweşinde dokuz ýeňşi bar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......