Tuhel “Pari Sen-Žermeniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

  • 24.12.2020 23:26
  • 5.9k+

Tomas Tuhel “Pari Sen-Žermeniň” baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy diýip, “L’Equipe” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, “Pari Sen-Žermen” Tuheli şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagyndan ýarym ýyl öň işden çykarmak kararyna geldi.
Pariž klubynyň ýolbaşçylygy Fransuz Liga 1-niň “Strasburg” (4-0) bilen 17-nji tapgyr duşuşygynda ýeňiş gazanylandan soň tälimçiniň işden aýrylandygyny mälim etdi.
Indi fransuz toparyna Maurisio Poçettino ýolbaşçylyk eder diýip, çeşme habar berýär. Häzirki wagtda 48 ýaşly Poçettino hiç ýerde işlemeýär. Ol 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Çempionlar ligasynyň finalyna çykan “Tottenhemden” gitdi.
Ýatlap geçsek, Tomas Tuhel “Pari Sen-Žermene” 2018-nji ýylda ýolbaşçylyk edip başlady. “PSŽ” Fransiýanyň çempionatynda “Liondan” bir utuk yza galyp, 35 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Pariž topary Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy we ol ispan “Barselonasy” bilen duşuşar.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......