“Milan” "Barselonanyň" 72 ýyl öňki üstünligini gaýtalady

  • 24.12.2020 23:14
  • 9.2k+

“Milan” Italiýanyň A Seriýa ýaryşynyň 14-nji tapgyrynda “Laziony” "San-Siro" stadionynda 3:2 hasabynda ýeňdi.

"Milana" 90-njy minutda jemleýji pökgini geçiren goragçy Teo Hernandez ýeňiş getirdi. Şeýle hem oýunda onuň topardaşlary Ante Rebiç we Hakan Çalhanoglu (11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandylar. "Laziodan" bolsa Luis Alberto we Çiro Immobile derwezä pökgi geçirdi.
Stefano Pioliniň şägirtleri 1948-nji ýyldan bäri bir senenama ýylynda liganyň yzly-yzyna 16 oýnunda azyndan iki pökgi geçiren ilkinji klub boldy. 72 ýyl mundan ozal bu rekordy "Barselona" goýupdy. 1948-nji ýylda Katalon kluby yzly-yzyna 18 oýunda azyndan iki gezek garşydaşlarynyň derwezesine pökgi geçiripdi.
Mundan başga-da, "Milan" 2020/21 möwsüminde Ýewropanyň iň gowy bäş ligasynda heniz ýeňilmedik ýeke-täk topardyr.
Häzirki wagtda milanlylar ýurduň çempionatynda 34 utuk bilen birinji orunda barýarlar. “Lazio” bolsa 21 utuk bilen sekizinji orunda ýerleşýär. 

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......