Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 22.12.2020 20:14
  • 11k+

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna aýratyn üns bermek bilen, umumy tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna ösüşiň kuwwatly depgininiň mahsus bolandygyny, munuň bolsa olary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berendigini nygtadylar.
Türkmen Lideri pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşini GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de 2020-nji ýylda Özbegistanyň bu düzümde üstünlikli başlyklyk edendigini nygtady.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk hem-de ähli asylly başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

 

düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.3k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.4k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......