“Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy APL-de iň çalt dubl etdi

  • 22.12.2020 17:03
  • 6.5k+

“Mançester Ýunaýtediň” we “Lidsiň” arasynda bolan derbide “gyzyllaryň” ýarymgoragçysy Skot MakTominaý premýer-liganyň taryhynda iň çalt dubl etmegi başardy: ol duşuşygyň ikinji we üçünji minutlarynda garşydaşyň derwezesine yzly yzyna iki gol geçirdi (01.07 we 02.50 - toplaryň derwezäniň çyzygyny kesip geçen takyk wagtlary).

Birinji gol derwezäniň aşaky burçuna ýiti zarba bilen girdi. Bruno Fernandeşiň jerime meýdançasynyň golaýynda ýalňyşlyk bilen aýagyndan çykaran topuny MakTominaý bada-bat derwezä gönükdirdi. "Lidsiň" derwezebany top üçin bökmäge hem ýetişmedi.
Ikinji golda Martialyň geçiren akylly pasyndan soň jerime meýdançasyna kürsäp giren MakTominaý derwezebana hiç hili mümkinçilik galdyrman, ikinji pökgini geçirdi.
Şotlandiýaly futbolçynyň spesifikasyny göz öňünde tutanyňda, bu juda uly üstünlik. Sebäbi  Whoscored profilinde MakTominaýyň ýagdaýy “gorag ýarym goragçysy” hökmünde häsiýetlendirilýär. Skott iňlis Premýer-ligasynyň 2020/2021 möwsüminde "Braýton" bilen duşuşykdan beýleki oýunlaryň hemmesinde (üç gezek ätiýaçdan girdi, sekiz gezek - esasy düzümde) meýdança çykdy.

şu gün 07:19
809

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....

düýn 16:19
4.2k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

düýn 16:15
6.4k+

UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik......

düýn 15:40
4.1k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....