BBC Hemiltony ýylyň sportçusy diýip yglan etdi

  • 22.12.2020 16:18
  • 2.8k+

"Formula-1"-de "Mersedes" toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton BBC boýunça ýylyň iň gowy sportçusy diýlip yglan edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Reýtingde "Liwerpulyň" futbolçysy Jordan Henderson ikinji, çapyksuwar Holli Doýl üçünji ýeri eýeledi. Snooker oýunçysy Ronni O'Salliwan, boksçy Taýson Fýuri we kriketçi Stýuart Brod hem ýylyň sportçysy diýen ugurda dalaşgär görkezildi.
Ondan öň, "Korollyk ýaryşlaryna" gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylary Hemiltony "Formula-1"-de 2020-nji ýylyň iň gowy sürüjisi diýlip saýlapdy.
Geçen möwsümde Hemilton ýedinji gezek "Formula-1"-iň çempiony boldy we Maýkl Şumaheriň rekordyny gaýtalady. Şeýle hem, Hemilton Şumaheriň köp ýyllap saklan Gran-Pridäki ýeňişleriň sany boýunça rekordyny gaýtalamagy başardy. Ol oktýabr aýynyň ahyrynda Portugaliýada geçen "F-1"-de 92-nji ýaryşynda ýeňiji boldy. Häzir Hemiltonyň hasabynda 95 ýeňiş bar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......