Ýurgen Klopp 2020-nji ýylda dünýäniň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi

  • 18.12.2020 15:44
  • 4.8k+

«Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýurgen Klopp Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2020-nji ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Dabara penşenbe güni onlaýn görnüşde geçirildi, diýip TASS habar berýär.

Geçen möwsümde nemes hünärmeni tälimçilik edýän toparyny Angliýanyň premýer ligasynda çempionlyk derejesine ýetirdi. «Liwerpul» bu derejä 30 ýyldan soň ýetmegi başardy.
Iň gowy tälimçi baýragyna şeýle hem «Bawariýanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik (Germaniýa) we «Lids-den» Marsela Býelsa (Argentina) dalaş etdi.

düýn 21:44
1.5k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....

düýn 14:35
3.6k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

düýn 11:03
8k+

«Atletikonyň» baş tälimçisi Simeone Madridde 180 sany kaşaň öý we 7 sany willa satyn aldy

Madridiň «Atletiko» klubunyň baş tälimçisi Diego Simeone we onuň aýaly Karla Pereýra Madridde 180 kwartiradan we ýedi sany willadan ybarat bolan ägirt uly gozgalmaýan emläk toplumyny eýelik edýärler. Bu barada......

düýn 07:19
2.7k+

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....