Ispaniýanyň Super kubogynyň ýarym finaly üçin bijeler çekildi

  • 18.12.2020 14:35
  • 6.7k+

Ispaniýanyň Super kubogy ýakynda dörtleriň finaly görnüşinde geçirilip başlandy. Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy ýarym finalyň bije çekilişiniň netijeleri barada habar berdi. Bu barada euro-football.ru belleýär.

13-nji ýanwarda Kordobada geçiriljek birinji ýarym finalda “Real Sosýedad” bilen “Barselona” oýnar. Ikinji ýarym final ertesi gün Malagada geçiriler, onda “Real” bilen “Atletik” duşuşar.
Ýarym final duelleriniň ýeňijileri Sewilýada geçiriljek finalda baýrak üçin bäsleşerler. Final 17-nji ýanwarda geçer.
Ispaniýanyň Super kubogy ýaryşynda dörtleriň finaly ilkinji gezek geçen ýyl Saud Arabystanynda geçirilende ulanyldy. “Real” jerime urgusy boýunça aýgytly “tutluşykda” “Atletikodan” üstün çykyp, ýeňiji boldy.
“Real” we “Barselona” La liganyň geçen möwsüminde çempion we wise-çempion, “Atletik” we “Sosýedad” Ispaniýanyň Kubogynyň finalçylary boldy.

düýn 16:17
1k+

UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär

UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian......

düýn 00:22
3.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 23:24
2k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......