Italiýanyň Prezidenti ýurduň Türkmenistandaky ilçisini belledi

  • 04.12.2020 15:11
  • 5k+

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi.

Hususan-da, hatda şeýle diýilýär:

«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Luçano Gallini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
Oňa mahsus bolan ýokary şahsy häsiýetleri özüniň ýokary wezipesini ýerine ýetirende, Siziň Alyhezretiňiziň hormat-sarpasyna hem-de ynamyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Italiýanyň adyndan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn hem Size meniň adymdan hem-de italýan halkynyň adyndan hakyky dostluk baradaky ynandyrmalary hem-de Size we Siziň halkyňyza rowaçlyk baradaky arzuwlary ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin».

şu gün 19:01
193

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

şu gün 18:54
640

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

düýn 22:54
1.8k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
4.7k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......