Türkmenistan we Eýran awtoulag hereketi üçin ýene bir serhet geçelgesini açdy

  • 02.12.2020 23:19
  • 11k+

Eýranyň habar beriş serişdeleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen Eýran Artyk (Türkmenistan) - Lutfabad (Eýran) barlag-goýberiş nokadynda ýük awtoulaglarynyň hereketi üçin serhet geçelgesini açdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Ylalaşylan sanitariýa düzgünlerine laýyklykda, ýük awtoulaglarynyň iki ýurduň serhet postundan geçjekdigi we ýükleriň Eýranyň ulaglaryndan türkmen ulaglaryna, Türkmenistanyň ýa-da başga bir ýurduň çägindäki bellenilen ýere eltiljekdigi barada karara gelindi.
Şondan soň türkmen ýük awtoulaglary Artykdaky eýranly sürüjilere boş tirkegleri gaýtaryp berer. Şuňa meňzeş operasiýa Eýranyň girelgesinde türkmen ýük awtoulaglary üçin hem amala aşyrylar.
29-njy noýabrda Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales öz ýurdunyň Aşgabat bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek isleýändigini aýtdy.
Arbab Hales IRNA bilen bolan söhbetdeşlikde eýran we türkmen kompaniýalarynyň koronawirus pandemiýasy sebäpli köp sanly çäklendirmelere garamazdan, ikitaraplaýyn söwda alyş-çalşygyny saklamak we güýçlendirmek babatda köp tagallalar edýändigini belledi.
Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy bilen geçirilen ýygnakda önümçilik we işewürlik ugurlarynda Eýran bilen özara hyzmatdaşlygyň dürli taraplarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......