Türkmenistan ŞHG-niň mejlisinde anyk teklipler bilen çykyş etdi

  • 30.11.2020 23:27
  • 3.2k+

30-njy noýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ählumumy pandemiýanyň netijelerini nazarda tutmak bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ulag ulgamyndaky gatnaşyklar aýratyn orun eýeledi.  

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow mejlisde eden çykyşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ŞHG-nyň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň wajyplygyny bellemek bilen, Türkmenistan bilen bu Guramanyň öz öňünde goýýan işjeň meseleleriniň arasynda utgaşyklylygy görkezdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada aýratyn bellenip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kenarynda döredilen köpugurly port infrastrukturasyny we türkmen söwda flotunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly bilelikdäki taslamalaryň işlenip düzülmegi barada teklip beýan edildi.
Türkmen tarapynyň şu we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin açykdygy barada hem bellenilip geçildi. Hususan-da, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde, Ýewraziýa giňişliginde energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy arkaly Türkmenistan bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdylyp geçildi.

düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....