Türkmenistan — Russiýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 26.11.2020 12:56
  • 10k+

25-nji noýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de senagat hem-de maliýe-bank ulgamlaryndaky özara hereketlere seredilip geçildi. Geologiýa ulgamyndaky bilelikdäki işler dogrusynda hem gürrüň edildi.
Taraplar täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda ugurdaş edaralaryň arasynda tejribeleriň alşylmagyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Hyzmatdaşlygyň gurluşynyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryna seredildi.
Duşuşygyň jemleri boýunça Elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

 

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......