Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmen Liderine hat iberdi

  • 26.11.2020 13:14
  • 12k+

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda Seul şäherinde geçirilen 2020-nji ýylyň Demirgazyk Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideoýüzlenmesi bilen doly ylalaşýandygyny nygtaýar.

Şol ýüzlenmede Türkmenistanyň Prezidenti Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
Koreýa Respublikasynyň Lideri hatynda: «COVID-19 pandemiýasynyň çylşyrymly ýagdaýlaryny ýeňip geçjekdigimize hem-de Ýewraziýanyň parahatçylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine bilelikde işleşjekdigimize umyt edýärin» diýip belleýär.
Şeýle hem Mun Çže In Türkmenistanyň Prezidenti  bilen Seulda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp, berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

düýn 19:01
860

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
2.6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.2k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......