Taýsonyň Roý Jons bilen söweşi üçin näçe gazanjakdygy belli boldy

  • 26.11.2020 11:16
  • 26k+

Maýk Taýsonyň Roý Jonsa garşy boks duşuşygy üçin gazanjynyň möçberi belli boldy. Bu barada fbm.ru habar berýär.

Söweşiň özi üçin türgen, takmynan, on million dollar alar. Boksça mahabat borçlaryny ýerine ýetirendigi üçin goşmaça üç million tölener. Jons hem üç million gazanar. Söweşde gazanylan girdeji haýyr-sahawata sarp ediler diýlip çak edilýär.
Ýatlap geçsek, boksuň iki rowaýaty türgeniniň arasyndaky ring duşuşygy 28-nji noýabra meýilleşdirilen. Bu söweşiň ýeňijisi WBC-den aýratyn guşaga eýe bolar.
“Demir Maýkyň” hasabynda 50 ýeňiş bilen 6 ýeňliş bar. Häzir ol 54 ýaşynda. Taýson aprel aýynyň ahyrynda ringe dolanmak isleýändigini habar berdi. Onuň soňky söweşi 2005-nji ýylyň 11-nji iýunynda geçirildi, şonda Taýson irlandiýaly boksçy Kewin Makbraýddan ýeňildi.
Roý Jonsuň hasabynda 66 ýeňiş bilen 9 ýeňliş bar.

şu gün 00:00
588

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

düýn 19:46
3.9k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
2.9k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
1.5k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......