Pars aýlagy demir ýol arkaly Hazar deňzine birikdiriler

  • 24.11.2020 14:20
  • 6k+

Eýranyň demirgazygyndaky Gilan welaýatynda Reşt-Enzeli demir ýoly işe girizilenden soň, Pars aýlagy demir ýol arkaly Hazar deňzine birikdiriler.

Duşenbe güni Trendiň habar berşi ýaly, bu barada Eýranyň gurluşyk we ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça kompaniýasynyň müdiriniň orunbasary Abbas Hatibi "Fars" habar gullugyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Reşt şäherinden Hazaryň Enzeli şäherindäki portuna çenli ýoluň uzynlygy 37 kilometre barabardyr.

“Ýoluň gurluşygyna 22,9 trillion rial (takmynan, 545 million dollar) maýa goýuldy we eýýäm işiň dörtden bir bölegi tamamlandy. Ýene dört trillion rial (takmynan, 95,2 million dollar) maýa goýlandan soň, bu ýol 2021-nji ýylyň  ikinji aýynda (21-nji aprel - 1-nji maý) ulanyşa berler"-diýip, Hatibi aýtdy.

Direktoryň orunbasary, umuman alanyňda, häzirki wagtda Eýranda dolandyrylýan demir ýollaryň umumy uzynlygy 13,9 müň kilometre barabardygyny, ýene 3,35 müň kilometre çenli gurluşygyň we uzynlygy 6.31 müň kilometre barabar demir ýollaryň gurluşygy boýunça gözlegleriň geçirilýändigini belledi.

düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.2k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......