Edara-kärhanalaryň algy-bergileriniň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibi üýtgediler

  • 20.11.2020 15:42
  • 10k+

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň, döwlete dahylsyz taraplaryň pudagara gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek, kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölemeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady ulgamda kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dünýäde emele gelýän ýeňil bolmadyk maliýe ýagdaýlaryny yzygiderli we düýpli öwrenmegiň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak babatda dessin çäreleriň görlüşine örän uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy hem-de olary ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

düýn 15:50
9.4k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

düýn 10:49
3.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

düýn 10:45
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

düýn 10:39
2.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......