Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhana açyldy

  • 17.11.2020 23:48
  • 14k+

17-nji no­ýabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.

Täze desganyň çäginde guş howlulary, jüýjeleri ýetişdirmek üçin jaýlar ýerleşdirildi. Ähli bölümler doly awtomatlaşdyrylyp, ýöriteleşdirilen enjamlar, şol sanda amatly howany saklamak, howany, suwy arassalamak üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu ýerde onlarça iş orunlary, işçileriň önjeýli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertler döredildi. Guşçulyk toplumynyň döwrebap enjamlarynyň netijeliligi bir tarapdan, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki tarapdan, kärhananyň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ýagdaýa görä, ýurdumyzda guşlaryň baş sany 21 346 000, ýanwar-sentýabr aralygynda öndürilen ýumurtgalaryň sany bolsa 1 159 mln sanydyr. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,6 esse köpdür.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......