Angliýa Ýewro-2020-ni ýeke özi geçirmek isleýär

  • 15.11.2020 18:04
  • 4.4k+

Angliýa 2020-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň futbol boýunça Ýewropa çempionatyny ýeke özi kabul etmek isleýär we eýýäm bu barada UEFA bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada sports.ru habar berýär.

Habar beriş serişdelerinde aýdylmagyna görä, Angliýanyň Futbol Assosiasiýasy (FA) koronawirus pandemiýasy janköýerleriň ýurtlara ötüp-geçmegi bilen baglanyşykly kynçylyklar dörän halatynda, UEFA-a şeýle teklip bilen ýüz tutdy.
Neşiriň belleýşi ýaly, FA-nyň bu pikiri entek iňlis hökümeti tarapyndan goldaw tapmady. UEFA henizem bu ýaryşy Ýewropanyň 12 şäherinde geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa futbolynyň ýolbaşçylary ýaryşy geçirmegiň pandemiýa bilen baglanyşykly dürli wariantlaryna seredýärler. Hususan-da, UEFA Beýik Britaniýany ýaryşyň ýeke-täk ýer eýesi hökmünde görýär.
Kontinental çempionat tomusda Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilmelidi. Ýewro-2020 adyny henizem saklaýan ýaryş “COVID-19” sebäpli 2021-nji ýylyň 11-nji iýunyndan 11-nji iýuly aralygynda geçiriler. Duşuşyklary meýilnama laýyklykda Baku, Budapeşt, Mýunhen, Kopengagen, Dublin, Bilbao, Rim, Amsterdam, Sankt-Peterburg, Buharest, Glazgo we London kabul etmelidi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......