R.Meredow BMG-niň wekili bilen duşuşyk geçirdi

  • 10.11.2020 23:29
  • 3.1k+

10-njy noýabrda wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda bilelikdäki işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapynyň guramaçylykly jenaýatlara, halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýata garşy Konwensiýasynyň gatnaşyjysy bolmak bilen, Türkmenistanyň sebit hem-de halkara derejesinde bu ulgamdaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ugrunda çykyş edýändigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek zerurdyr.
Taraplar hyzmatdaşlygyň sebit hem-de halkara platformalarynyň netijeliligini belläp geçdiler. Bilelikdäki «ýol kartasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş ýüzündäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy, 2021-nji ýyl üçin meýilnamalar bellenildi. Türkmen tarapynyň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýa döwletleri üçin Maksatnamasynyň möhletiniň uzaldylmagyna gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy sebit we global tagallalaryň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat utgaşdyryjy merkeziniň üsti bilen ilerledilmegi babatyndaky berk nukdaýnazary tassyklanyldy.
Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk meseleleri hakynda gürrüň etmek bilen, taraplar BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Owganystan we goňşy döwletler üçin Sebitleýin maksatnamasynyň aýratynlyklaryna seredip geçdiler. Bu ugurda, Owganystanda parahatçtlygyň dikeldilmegine, onuň içerki we daşary integrasiýa proseslerine Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ygrarlylygy nygtalyp geçildi.
Taraplar tutuş dünýäde howpsuzlygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine ynam bildirdiler.

şu gün 19:01
559

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

şu gün 18:54
1.5k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

düýn 22:54
1.8k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......