Habib Nurmagomedow UFC-niň absolýut reýtinginde liderligini dowam edýär

  • 10.11.2020 21:02
  • 18k+

Rus söweşijisi Habib Nurmagomedow agram kategoriýasyna garamazdan, UFC-niň jemlenen reýtinginde birinji orny eýelemegi başardy. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

Reýtingiň täzelenen görnüşi sişenbe güni neşir edildi. Şeýle-de, ol ýeňil agramly söweşijileriň reýtinginde hem liderlik edýär. Iň ýeňil agramlylaryň reýtinginde birinji orunda Russiýanyň ýene bir wekili Pýotr Ýan durýar. Rus söweşijileriniň ikisi-de öz agram derejelerinde UFC-niň çempionydyr.
Jemlenen reýtingde birinji orny Nurmagomedow 27-nji oktýabrda, ýagny amerikaly Jastin Getjini ýeňenden birnäçe günden soň eýeledi.
Russiýaly söweşiji ABŞ-nyň wekilini Abu-Dabide UFC 254 turnirinde ýeňdi, şondan soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Şeýlelik bilen, Nurmagomedow garyşyk başa-baş göreşde ýeňilmedik söweşiji bolmagynda galýar, onuň hasabynda 29 söweşde 29 ýeňşi bar. Olardan 13-si UFC-niň çäklerinde gazanyldy.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......