W.Putin Türkmenistan bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklamak hakynda kanuna gol çekdi

  • 09.11.2020 23:28
  • 21k+

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Kanuna gol çekdi diýip, ТАSS habar berýär.

Resminama RF-iň hukuk maglumatlarynyň resmi portalynda neşir edildi.
Ýatlap geçsek, bu Kanun Döwlet dumasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda kabul edildi we Federasiýa Geňeşi tarapyndan 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda makullanyldy.
Türkmenistanyň Mejlisi resminamany 24-nji oktýabrda tassyklady.
Resminamada ýurtlaryň parahatçylygy berkitmek, Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmak maksady bilen özara gatnaşyk etjekdikleri bellenilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde taraplar “ählumumy ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin howpsuzlygy güýçlendirmek işini dowam etdirmäge, şeýle-de BMG-niň parahatçylygy goraýyş wezipesini güýçlendirmäge we sebit mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berip, öz daşary syýasatlaryny utgaşdyrmak” borjuny öz üstüne alýarlar diýlip, resminamada aýdylýar.
Umuman alanyňda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan 170-den gowrak şertnama gol çekildi.

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......