Habib karýerasyny tamamlamagynyň sebäbini aýtdy

  • 08.11.2020 17:22
  • 43k+

UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow sport karýerasyny tamamlamak babatyndaky kararynyň jikme-jikliklerini paýlaşdy. Habib professional sporty galdyrmagyň kyn düşendigini we köp sanly janköýerleriň, şeýle-de käbir garyndaşlarynyň hem-de dostlarynyň nägilelik bildirýändigine garamazdan, bu kararyň gutarnyklydygyny gürrüň berdi diýip, rufight.com habar berýär.

“Bu karara her niçigem bolsa 32, 34 ýa-da 35 ýaşda gelner. Men ýene on gezek söweşsem-de, ahyrynda gitmeli wagtym geler. Şeýle netijä gelmek, elbetde, kyn, sebäbi men bu sporta ömrümi bagyş etdim. Özgermek – örän çylşyrymly mesele. Köp adamlar muňa düşünip bilmeýärler. Ýöne biz synanyşarys, hereketimizi dowam etdireris” – diýip, Nurmagomedow belledi.

Ol söweşden öň düýpli şikes alandygyny, sentýabrda reanimasiýada bolandygyny, çykandan soň aýagynyň barmagynyň döwlendigini aýtdy. Türgen ýeňiş bilen tamamlanan soňky söweşiniň kakasyz özi üçin düýbünden başgaça bolandygyny hem boýun aldy.
Şeýle-de, Nurmagomedow Dagystandaky, Russiýadaky we tutuş dünýädäki köp sanly muşdaklarynyň özüni alada goýan ägirt uly jogapkärçilikdigini belledi. Ýatlap geçsek, rus söweşijisi ahyrky söweşinde ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyny üstünlikli gorady.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......