“Bawariýa” kynlyk bilen Dortmundyň "Borussiýasyny" ýeňdi

  • 08.11.2020 18:23
  • 6.7k+

Germaniýanyň Bundesligasynyň 7-nji tapgyrynda geçirilen oýunda "Bawariýa" Dortmundyň "Borussiýasyny" güýçli oýun bilen ýeňmegi başardy. Duşuşyk Dortmuntdaky “Signal Iduna Park” stadionynda geçirildi we myhmanlaryň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy.

Oýunda hasaby birinji ýarymyň 45-nji minudynda "Borussiýanyň" oýunçysy Marko Roýs açdy. Şeýle-de bolsa, birinji ýaryma goşulan wagtyň dördünji minudynda Dawid Alaba hasaby deňledi.
Ikinji ýarymda Robert Lewandowski toparyny öňe çykardy. Mýunhenli toparyň üçünji pökgüsini Lewandowskiniň golundan soň, Leroý Zane tora girizdi. Şondan üç minut soň dortmundly ýaş hüjümçisi Erling Holand bir pökgi geçirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Lewandowski ikinji pökgüsini tora girizdi, ýöne oýundan daşary ýagdaý — ofsaýd sebäpli gol hasaba alynmady.
15 utuk bilen "Borussiýa" Bundesligada ikinji orny eýeleýär. "Bawariýa" bolsa 18 utuk bilen birinji orunda barýar.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......