Çempionlar ligasynyň üçünji aýlawynyň iň owadan goly yglan edildi

  • 07.11.2020 12:47
  • 11k+

"Krasnodaryň" futbolçysy Magomed-Şapi Süleýmanowyň "Sewilýanyň" derwezesine geçiren pökgüsi Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji oýun hepdesiniň iň owadan goly hökmünde ykrar edildi. Bu barada UEFA-nyň resmi web sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Çempionlar ligasynyň "E" toparçasynda "Sewilýa" bilen "Krasnodaryň" arasyndaky duşuşyk çarşenbe güni ispan toparynyň meýdançasynda geçirildi we 3:2 hasabynda tamamlandy. Süleýmanow birinji ýarymda jerime urgusyndan göni zarba bilen hasaby açdy, pökgi ýer eýeleriniň derwezesiniň ýokarky çep burçundan tora girdi.
Üçünji aýlawyň iň owadan goluna dalaşgärleriň arasynda mönhengladbahly "Borussiýanyň" hüjümçisi Allasan Plea we onuň donetskli "Şahtýoryň" (6:0) derwezesine uran 3 golunyň biri, madridli "Realyň" derwezesini zabt eden "Interiň" hüjümçisi Lautaro Martinez (2:3), "Marsel" bilen oýunda tapawutlanan "Portunyň" ýarymgoragçy Luis Diaz (3:0) dagylar bardy.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......