Türkmen türgenleriniň «Tokio — 2020» Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 06.11.2020 18:50
  • 3.9k+

Düýn Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň “Tokio-2020” Tomusky Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň hem-de Milli Olimpiýa komitetleri we Milli Paraolimpiýa komitetleri bilen işleşmek gullugynyň başlygy Toru Kobaýaşi bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

COVID-19 global pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla geçirilen “Tokio -2020” Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meseleleri duşuşygyň esasy temasyna öwrüldi. Hususan-da, türkmen türgenlerini bu Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy agzalan Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň işine ýokary baha berdi. Öz gezeginde, ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösüşi barada aýdyp, Toru Kobaýaşi halkara sport ýaryşlaryny geçirmekde Türkmenistanyň baý tejribesiniň bardygyny belledi.

düýn 23:07
1.9k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.4k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.2k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.6k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......