«Case» tehnikalaryny almak boýunça kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 06.11.2020 15:15
  • 4.2k+

5-nji noýabrda «Case New Holland» amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça işewürligiň ösdürilmegi boýunça direktory Stýuart Kempbel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de bu edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde ileri tutulýan ugurlary babatynda pikir alyşdylar.
Kompaniýa tehnikalaryň iň täze görnüşleri, hususan-da traktorlar, bugdaý we pagta ýygnaýan kombaýnlar hem-de beýleki tehnikalar bilen üpjün etmek arkaly, ýurduň oba hojalygynyň tehniki kuwwatynyň ösdürilmegine we berkidilmegine ähmiýetli goşant goşýar. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň toprak we howa şertleri üçin ýörite niýetlenen «Case» oba hojalyk tehnikalaryny almak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

şu gün 02:06
200

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 20:46
4.4k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:51
7.8k+

Aziýa baýlarynyň sanawy üýtgedi: Gautam Adani Mukeş Ambaniden öňe geçdi

Hindistanly işewür Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Bloomberg-iň täze indeks maglumatlaryna görä, ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 19-njy orny eýeleýär....