2021-nji ýylda Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy taýýarlanylar

  • 06.11.2020 15:33
  • 7.3k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýerleriň ählisi bilen bilelikde, 2021-nji ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu maksatnama ygtybarly maýa goýumlaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, resminamany ýakyn wagtda işläp taýýarlamak tabşyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bir aýyň dowamynda 2020 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemegi tabşyrdy.

düýn 19:11
2k+

Amazon 600 müň işçini robotlar bilen çalyşmagy meýilleşdirýär

Amazon kompaniýasy 2033-nji ýyla çenli takmynan 600 müň işçini robot ulgamlary bilen çalyşmagy meýilleşdirýär diýip, The New York Times habar berýär. Kompaniýa birnäçe ýyl bäri ammarlarynda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary ulanýar, ýöne indi bu ulgamlaryň ulanylyşyny has giňeltmegi göz öňünde tutulýar...

düýn 12:16
1.1k+

Serdar Berdimuhamedow Çehiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet...

düýn 11:57
3.4k+

Moskwada howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi

27-nji oktýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi...

düýn 11:52
2.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory bilen duşuşdy

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş direktory Dan Ýanku bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilien duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy...