Nurmagomedowa Russiýanyň Gahrymany adyny bermek teklip edildi

  • 05.11.2020 10:08
  • 21k+

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň orunbasary Gadžimurad Omarow UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowa Russiýanyň Gahrymany diýen ady bermegi teklip etdi. Bu barada onuň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine iberen hatynda aýdylýar diýip, live24.ru habar berýär.

Resminamada Nurmagomedowyň öz adyny Russiýanyň taryhyna ýazandygy we özüniň mysalynda islendik zähmetkeş adamyň ägirt belentliklere ýetip biljekdigini görkezendigi aýdylýar.

"Habib ýaly ýigitler ýaş nesil üçin mynasyp görelde bolup durýar, sebäbi her nesliň öz göreldesi bolmaly!" - diýip, Omarow aýdýar.

Habib Nurmagomedow 24-nji oktýabrda UFC ýaryşynda amerikaly Jastin Getjini ýeňdi we ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady. Söweşden soň bolsa ol karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Nurmagomedow karýerasynyň dowamynda 29 oýunda 29 ýeňiş gazanyp, aňrybaş netijäni görkezdi.

şu gün 13:42
728

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.6k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

düýn 15:42
7.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......