FIDE koronawirus sebäpli "hereketsiz" küştçüleriň reýtingini "doňdurar"

  • 04.11.2020 15:10
  • 2.7k+

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly hem-de ýaryşlaryň geçirilip bilinmezligi sebäpli, "hereketsiz" küştçüleriň reýtingini iki ýyllyk "doňdurar". Bu barada m.sports.ru habar berýär.

“COVID-19 pandemiýasy başlany bäri, FIDE-niň reýting ýaryşlaryny ýeterlik mukdarda geçirmek mümkin däl. Şuny göz öňünde tutup, adaty ýagdaýda ýaryşlary sypdyrmajak küştçüleriň köpüsiniň ýaryşlara gatnaşyp bilmezligi we şonuň üçin hem hereketsiz hasaplanmagy ähtimal.
FIDE-niň Geňeşi bu meselä garady we kwalifikasiýa komissiýasynyň teklibi bilen, 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap, hereketsizligiň möhleti indiki habara çenli 12 aýdan 24 aýa çenli uzaldyldy.
Bäsdeşlik işjeňligi pandemiýadan öňki derejä gaýdyp gelende, bu düzedişler ýatyrylar"-diýlip, FIDE-niň web saýtynda aýdylýar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......