Usik Çisorany ýeňenden soň Joşua çagyryş etdi

  • 02.11.2020 22:08
  • 10k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Derek Çisorany ýeňenden soň, agyr agramda boksuň dünýä çempiony Entoni Joşua ýüzlendi.

“Entoni, ýagdaýlaryň neneň? Men seniň yzyňdan barýaryn"- diýip, Usik söweşden soň beren interwýusynda aýtdy. Bu barada russian.rt.com habar berýär.

Usik Çisorany 12 raund çeken söweşde eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen ýeňdi we WBO-nyň wersiýasy boýunça agyr agramda dünýä çempionlygyna hökmany bäsdeş boldy. Bu titula häzirki wagtda Joşua eýelik edýär.
Ukrainaly boksçy üçin bu ýeňiş professional ringdäki 18-nji ýeňşi boldy. Professional ringde ol ýekeje gezek-de ýeňilmedi.
Usik ozal Çisorany ýeňenden soň, boks boýunça dünýä çempiony bolmak isleýändigini mälim edipdi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......