Ukrainaly boksçy Usik britaniýaly Çisorany ýeňdi

  • 01.11.2020 20:09
  • 15k+

Ukrainanyň agyr agramda çykyş edýän boksçusy Aleksandr Usik Londonda geçirilen boks agşamynyň çägindäki tutluşykda britaniýaly Derek Çisorany ýeňdi.

Duşuşyk tutuş 12 raund dowam etdi, 33 ýaşly ukrainaly türgen eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy - 117-112, 115-113, 115-113.
Tutluşyk "Uembli" stadionynda geçdi.
Munuň özi birinji agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Usik üçin professional ringdäki 18 söweşde 18-nji ýeňiş boldy. Ýeňişleriň 13-sini ol nokaut bilen gazanypdy. 36 ýaşly, 32 ýeňişli Çisora ​​barada aýdylanda bolsa, bu onuň onunjy ýeňlişi boldy.
Çisorany ýeňen Usik WBO-nyň (Bütindünýä boks guramasy) wersiýasy boýunça dünýä çempionlygy ugrundaky göreş üçin hökmany bäsdeş statusyny saklap galdy. Bu guşak häzirki wagtda britaniýaly Entoni Joşua degişlidir.

düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......