Kriştianu Ronaldu koronawirusdan gutuldy

  • 31.10.2020 20:07
  • 14k+

“Ýuwentusyň” we Portugaliýanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň koronawirus üçin barlagy otrisatel netije berdi. Bu barada italýan klubynyň metbugat gullugy habar berýär. Muny realnoevremya.ru ýetirýär.

“Ronaldunyň soňky barlagynyň netijesi otrisatel netije bolup çykdy, ol 19 günüň içinde gutuldy, şol sebäpli mundan soňra oňa “özüňi çetde saklamak” režimini berjaý etmek zerur däl” – diýlip, habarda aýdylýar.

Indi Ronaldu topar bilen türgenleşige gatnaşyp biler.
Ýatlap geçsek, portugaliýaly oýunçy koronawirus bilen oktýabryň ortalarynda keselledi. Şonda futbolçynyň bu keseli alamatsyz geçirýändigi habar berlipdi. Ýokanç sebäpli 35 ýaşly hüjümçi Çempionlar ligasynda iki oýna we Italiýanyň çempionatynda hem iki oýna gatnaşyp bilmedi.
Şu möwsümde Ronaldu A seriýada iki duşuşygy geçirdi we olarda üç goly hem-de bir netijeli geçirimi bilen tapawutlandy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......