Reşford ÇL-de ätiýaçdan girenleriň arasynda iň çalt het-trik etdi

  • 30.10.2020 12:04
  • 6.4k+

"Mançester Ýunaýtediň" hüjümçisi Markus Reşford Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda "Leýpsigiň" öýünde myhmançylykda bir oýunda 3 gol geçirip, het-trik etdi. Onuň geçiren gollary ýaryşyň taryhynda ätiýaçdan meýdança çykanlaryň arasyndaky iň çalt het-trik boldy. Bu barada Opta Sporta salgylanyp, championat.com habar berýär.

Markus Reşford oýna 63-nji minutda ätiýaçdan girdi we gollary 74-nji, 78-nji hem-de 92-nji minutlarda geçirdi. Hüjümçä üç pökgi geçirmek üçin bary-ýogy 27 minut gerek boldy.
Reşford bu täze rekordy bilen "PSG"-niň hüjümçisi Kilian Mbappe-den öňe geçdi. Çempionlar ligasynda ätiýaçdan oýna girip het-trik etmek üçin oňa 38 minut gerek bolupdy.

şu gün 07:19
408

Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär....

düýn 16:19
4k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

düýn 16:15
6.1k+

UFC-niň çempiony Çimaýew resmi taýdan RAF erkin göreş ligasynyň pälwany boldy

Real American Freestyle (RAF) erkin göreş promouşeniniň metbugat gullugy UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly Hamzat Çimaýew bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu täzelik......

düýn 15:40
3.9k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....