Fransiýanyň Kubok duşuşyklary koronawirus sebäpli dekabra çenli togtadyldy

  • 29.10.2020 20:30
  • 4.8k+

Fransiýanyň futbol federasiýasy karantiniň girizilmegi sebäpli, ýurduň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň togtadylýandygyny mälim etdi. Bu barada rusfootball.info habar berýär.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli Fransiýanyň kubogynyň oýunlary 1-nji dekabra çenli togtadyldy. Gyşyň ilkinji günlerine çenli geçirilmeli oýunlar has yza süýşürildi. Takyk seneler koronawirus ýagdaýyna baglylykda, soň yglan ediler.
Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda Fransiýa çempionatynyň oýunlary ozal tassyklanylan tertibe laýyklykda, tomaşaçysyz geçer. Bu ýurduň milli ýygyndy toparlarynyň, şeýle-de ýewrokuboklara gatnaşýan toparlaryň oýunlaryna-da degişli.
Ýatlap geçsek, geçen möwsümde Liga 1 koronawirus pandemiýasy sebäpli doly tamamlanmandy. “Pari Sen-Žermen” çempion diýlip yglan edilipdi.

düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......