Habib Getji bilen söweşden näçe gazandy?

  • 28.10.2020 16:07
  • 45k+

Rus söweşijisi Habib Nurmagomedow amerikaly Jastin Getji bilen çempionlyk guşagyny goramak ugrundaky soňky söweşinden 6 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, The Sports Daily habar berýär.

Mundan başga-da, çempion agşamky çykyşy üçin 50 müň dollar baýrak aldy, söweşden öň dürli mahabat çärelerine gatnaşandygy üçin bolsa oňa ýene 40 müň dollar baýrak berildi.
Ýokarda getirilen sanlara aýratyn tölegli ýaýlymlardan tutumlar we beýleki hemaýatkärlik tölegleri girmeýär.
Ýeri gelende ýatlasak, Habib Getjini ýeňenden soň UFC-däki karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Ol karýerasynyň dowamynda 29 söweşde 29 gezek ýeňiş gazandy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......