Hemilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

  • 26.10.2020 18:00
  • 13k+

Mersedes toparyndan bolan Lýuis Hemilton «Formula 1» boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Portugaliýa Gran Prisinde ýeňiji boldy diýip, INTERFAX.RU habar berýär.

Pellehana çyzygyndan ikinji bolup onuň topardaşy Waltteri Bottas, üçünji bolup hem Red Bull-dan Maks Werstappen geçdi.
Bu Hemiltonyň «Şa çapyşyklary» karýerasynda gazanan 92-nji tapgyrydyr, üstesine «Formula 1» ýaryşlarynda täze rekorddyr. Bu üstünlik ozal nemes sürüjisi Maýkl Şumahere (91) degişlidi.
Hemilton häzirki wagtda «Formula 1» çempionatynda öňdeligi saklap gelýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......