Žerar Pike "Barselonanyň" täze stadionyna Messiniň adyny dakmagy teklip etdi

  • 25.10.2020 13:51
  • 11k+

"Barselonanyň" oýunçysy Žerar Pike klubuň täze stadionyna Lionel Messiniň adyny dakmaly diýip hasap edýär. Bu barada sport.ru habar berýär.

“Täze stadiona onuň (Messiniň - Red.) adyny dakmaly. Biz öz rowaýaty oýunçylarymyzy ynamdan gaçyrmaly däl-de, olara hormat goýmalydyrys"-diýip, Pike hüjümçiniň klubuň üstünliklerine goşan goşandyna ýokary baha berdi.

Bilşimiz ýaly, argentinaly futbolçy 2003-nji ýyldan bäri "Barselonanyň" reňklerini gorap gelýär. Geçen möwsümiň ahyrynda 33 ýaşly Messi topardan gitmek isleýändigini mälim edipdi. Klubuň ýolbaşçylary Messiniň bellenen mukdarda 700 million ýewro öwez tölegi bolan hakyky şertnamasynyň bardygyny aýdyp, oňa rugsat bermediler.
Messi gök-narynçlaryň öz ýetişdiren oýunçysy. Hüjümçi "Barselona" üçin jemi 736 oýun oýnap, 636 gol geçirdi we 280 gol pasyny berdi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......