Habibiň Getji bilen boljak söweşden näçeräk gazanjakdygy belli boldy

  • 24.10.2020 20:00
  • 47k+

Habib Nurmagomedow bilen Jastin Getjiniň arasyndaky söweşe tomaşa etmek üçin sanaýmalyja sagatlar galdy. Kawkazly türgeniň muşdaklary Habibiň ýeňişli sahypasyny dowam etdirip, ýene bir gezek üstünlik gazanjakdygyna ynanýarlar. Emma Nurmagomedowyň ýeňlip biljekdigi hakda ýaňzydýanlar hem bar.

Habibiň MMA boýunça kärdeşleriniň käbiri, mysal üçin, Aleksandr Ýemelýanenko Nurmagomedowyň indi öňküliginiň ýokdugyny, ajaýyp pälwanlyk tejribesi we ganymat urgy tehnikasy bolan Getjiniň öňünde asgyn geljekdigini aýtdy.
UFC-däki insaýderleriň syzdyrýan maglumatlaryna görä, Habibiň bu tutluşykdan näçe gazanjakdygy eýýäm belli. Bu ýerde gürrüň kepil geçilen mukdar hakda barýar. Şeýlelikde, Habibiň bu söweşden gazanjak pulunyň möçberi 10 million dollara barabar bolar. Söweşiji bu puly diňe ýeňiş gazansa däl, hatda ýeňilse-de gazanar diýip aýdylýar. Elbetde, bu örän uly mukdar, özi-de heniz gutarnykly hem däl. Mundan ozal UFC-niň söweşijisine bir gezekde berlen iň köp gazanç haky Konor MakGregora degişlidi - 3,5 million, ýagny Habibiň gazanjagyndan 3 esse az mukdardy.

düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......